Hytaýyň iň ýaýran elektroulaglarynyň biri bolan “Wuling Mini EV”-iň üsti açylýan görnüşi taýýarlandy. Täze kabriolet 9-njy sentýabrda satuwa çykarylar. Adaty “Wuling Mini EV” ulagy dört orunlyk bolup, onuň täze görnüşi iki orunlyk bolmagy bilen tapawutlanýar. Açylyp-ýapylýan mata bölekde ulag togalanan wagty ulagyň we ýolagçylaryň goralmagy üçin ýörite goragy bar. Ulagyň mawy, goýy ýaşyl, we gara reňkli görnüşleri satuwa hödürlener. Ulagyň açylyp-ýapylýan mata bölegi gara we gyzyl reňkli bolar. Uzynlygy 3059 mm, ini 1521 mm we beýikligi 1614 mm bolan ulag iň kiçi kabrioletleriň biri bolar. Ulagyň tehniki aýratynlyklary orun sany hasaba alynmanda, adaty görnüşi bilen meňzeş bolar.
Agöýli Tölemedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby