Gerkin turşy hyýary, syçan garpyzy ýa-da pepinos diýlip atlandyrylýan «melothria scabra» hyýarlar maşgalasynyň bir görnüşidir. Bu miwäniň ata Watany Meksika we Merkezi Amerika hasaplanýar. Baldagy üzüme meňzeş bu miwe tohumy arkaly köpelýär. «Meksika kiçi garpyzy» ady bilen tanalýan bu miwäniň ululygy üzüm ýaly bolup, tagamy edil hyýara meňzeýär.
Köp we yzygiderli hasyl berýän bu ösümlik çalt ösýär. Boýy 2,5-3 metre ýetýän bu ösümlik 60-75 günüň içinde hasyl berýär. Amerikada Meksika kiçi garpyzy birýyllyk ösdürilýän bolsa, käbir ýurtda bu ösümlik köp ýyllap ösýär. Gurak howa şertlerine çydamly bolan bu ösümligi adaty ekerançylyk şertlerinde ösdürip ýetişdirip bolýar. Adam saglygy üçin peýdaly bolan süýjümtik tagamly bu miwe terligine iýilýär. Şeýle hem işdäaçarlar taýýarlanylýar.
Meksika kiçi garpyzyna meňzeş ösümlige ýurdumyzda hem duş gelmek bolýar. Oňa göýül diýilýär. Ýiti ysly, baldagy tikenli bu ösümlik ýere ýazylyp ösýär. Göýüliň miwesi awgust we sentýabr aýlarynda ýetişýär.