Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg wagtlaýyn esasda Kansler wezipesini ýerine ýetirer. Muňa golaýda Karl Nehammeriň Kansler wezipesinden çekilmegi sebäp boldy. Bu barada Awstriýanyň APA habarlar gullugy habar berdi.
Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň diwanyna salgylanyp, “APA”-nyň habar bermegine görä, A.Şallenberg 10-njy ýanwarda K. Nehammer resmi taýdan wezipesinden çekilenden soň täze kabinet döredilýänçä wagtlaýyn hökümete ýolbaşçylyk eder.
55 ýaşly A.Şallenberg 2019-njy ýyldan bäri Awstriýanyň daşary işler ministri bolup işleýär.
6-njy ýanwarda Aleksandr Wan der Bellen aşa sagçy Awstriýa azatlyk partiýasynyň lideri Gerbert Kikle täze hökümet gurmagy tabşyrdy.