Maltanyň paýtagty Walletta “Condé Nast Traveller” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip mälim edildi. Şäher, Pariž, Afiny we Lissabon ýaly syýahatçylyk ägirtlerinden öňe saýlanyp, “Readers’ Choice Awards 2025” sanawynda birinji orny eýeledi. Ses berişlige 182 müňden gowrak okyjy gatnaşyp, olar şäherleriň medeniýetine, aşhanasyna we myhmansöýerligine baha berdi.
Walletta 100-den 97,33 bal toplap, diňe bir Ýewropanyň iň esasy nokady däl, eýsem syýahatçylar üçin dünýäniň iň gowy şäheri boldy. Maltanyň syýahatçylyk ministri Ýan Borg “bu baýrak syýahatçylaryň medeni mirasymyza we Malta halkynyň myhmansöýerligine çuňňur minnetdarlygyny görkezýär” diýdi.
Ululygy bir inedördül kilometre ýetmeýän şäher, barokko köşkleri, gadymy gala diwarlary, ybadathanalar we dar köçeler bilen açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýadyňa salýar. Walletta XVI asyrda Maltanyň rysarlary tarapyndan esaslandyryldy we 1980-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär.
Maltanyň paýtagty “Gladiator”, “Troýa” we “Tagt oýunlary” ýaly bu ýerde düşürilen biränçe filmleri bilen hem meşhurdyr.