1884-nji ýylyň 6-njy dekabrynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Waşington ýadygärligi (Washington Monument) gurlup gutarylýar. Ýurduň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň hatyrasyna gurlan bu ýadygärlik şäher merkezindäki Milli seýilgähiň (National Mall) çäginde ýerleşýär. Beýikligi 169 metre barabar bolan obeliskiň daş-töwereginde ýurduň 50 ştatyny alamatlandyrýan ABŞ-nyň 50 sany baýdagy bar. Desga 1884-1889-njy ýyllar aralygynda dünýäniň iň beýik gurluşydy. 1889-njy ýylda Pariždäki Eýfel diňi gurlanda bu rekordyny ýitirýär. Häzirki wagtda bolsa diň dünýäniň iň beýik üçünji obeliski hasaplanýar.


1897-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Londonda lisenziýa berlen taksi ulaglary tanyşdyrylýar. Ondan öň at arabalaryna kireý etmek üçin degişli rugsatnama berilýärdi. Dünýäde ilkinji bolup kireý etmek üçin lisenziýa alnan ulaglar elektrik energiýasy bilen işleýärdi. Britan inženeri Wolter Barsiniň işläp taýýarlan bu elektroulaglary sessizligi sebäpli halka arasynda “kalibri guşy” (Hummingbirds) diýlip atlandyryldy. Şondan soňra dünýäniň iri şäherlerinde atyň çekýän ululy-kiçili ýolagçy arabalary azalyp başlady.