Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka we ulag, eko­lo­gi­ýa we azyk howp­suz­ly­gy, üs­ta­şyr-ulag ge­çel­ge­le­ri, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra äh­mi­ýet­li me­se­le­ler bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan en­çe­me Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. Mun­dan baş­ga-da, bu hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň çäk­le­rin­de köp ­san­ly mö­hüm res­mi­na­ma­lar iş­le­nip taý­ýar­la­n­dy we ka­bul edil­di.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz tu­tuş adam­zat äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da BMG-niň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­ gu­ra­mak ba­bat­da de­giş­li iş­le­riň giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 11-nji ap­re­lin­de ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «BMG-niň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­giň ter­ti­bi­ne goş­ma­ça mag­lu­mat» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra mas­la­ha­ty şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çir­mek kes­git­le­n­di.
Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len bi­le­lik­de ge­çi­r­jek bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­ly köp san­ly çä­re­le­riň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Fo­ru­ma hem-de onuň do­wa­myn­da ge­çi­ril­jek ugur­daş çä­re­le­re deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň dü­zü­mi­ne gir­ýän 32 ýur­duň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň, 47 sa­ny ki­çi ada döw­letleri­niň, 49 sa­ny az ösen ýurtlaryň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri­niň, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň we onuň orun­ba­sar­la­ry­nyň, bir­nä­çe hal­ka­ra, se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, hu­su­sy pu­da­gyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň me­de­ni çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi bilen bagly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň Türk­me­nis­tan­da gu­ral­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, şol dö­wür­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň her bir ýur­du­nyň Awa­za­da öz mil­li gü­nü­ni ge­çi­rip, öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny, mil­li ta­gam­la­ry­ny gör­kez­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň we ola­ryň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di. Ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­myz yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da şeý­le Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy bi­len ut­ga­şyp, 2025-nji ýy­lyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de giň­den gol­da­nyl­ma­gy we yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ge­çen ýyl­la­ryň için­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty di­ňe mil­li bäh­bit­le­re däl-de, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň uzak­möh­let­le­ýin mak­sat­la­ry­na, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, ne­ti­je­li, saz­la­şyk­ly çe­me­leş­mä­niň öl­çeg­le­ri­ne, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň bin­ýat­lyk esa­sy hök­mün­de BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­nyň hem-de deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan oý­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bü­tin dün­ýä­de aba­dan­çy­ly­gy ber­ka­rar et­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na iş­jeň gat­naş­mak bi­len, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki iş­jeň or­nu­ny bar­ha ber­kid­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz tu­tuş se­bi­tiň we dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­la­r mu­nuň şeý­le­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Mu­nuň özi Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň jo­gap­kär­li stra­te­gik hyz­mat­daş hök­mün­de hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge goş­ýan go­şan­dy­na, ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çir­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr.

Ka­ka­jan Ber­di­ýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.