22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ge­çen ýyl­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, 2024-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň kuw­wa­ty­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len dür­li çä­re­ler top­lu­my­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni aýt­dy. Ýa­rag­ly Güýç­le­riň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de 2025-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek we ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­riň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Soň­ra Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, döw­re­bap tej­ri­bä­niň we san­ly ul­ga­myň peý­da­la­nyl­ma­gy ar­ka­ly bu eda­ra­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len çä­re­ler, şeý­le hem pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li gul­luk et­mek­le­ri we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne, hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ka­nu­ny­ly­gy­na, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­na pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­niň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row 2024-nji ýyl­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik düz­gün-ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ry­ly­şy, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň we ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň berk ber­jaý edil­me­gi üçin gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy. Şeý­le hem ge­çen ýyl we 2025-nji ýy­lyň ba­şyn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap ugur­daş des­ga­lar ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň, şol san­da ýol gö­zeg­çi­lik we ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­luk­la­ry­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýol he­re­ke­ti­niň we ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça dü­şün­di­riş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mi­nist­re iş­gär­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çen ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ka­zy­ýet işi­ne san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len çä­re­ler, şeý­le hem de­giş­li ösüş Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we ka­zy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri saý­lap al­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de ka­zy­ýet iş­gär­le­ri­niň hü­när we bi­lim de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­mek, hu­kuk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak iş­le­ri­ni, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022-2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ri­len iş­le­riň we gör­len çä­re­le­riň ne­ti­je­le­ri, dü­zü­miň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin döw­re­bap usul­la­ryň we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň mil­li howp­suz­ly­gy­ny yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mi­nist­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň ge­çen ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, ser­het bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry üçin ta­la­ba­la­ýyk gul­luk, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ser­he­di­niň goň­şy ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk ser­he­di­di­gi­ni bel­le­di. Hormatly Prezidentimiz mu­kad­des ser­he­di­mi­ziň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň, ser­het go­şun­la­ry­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň, Gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aýt­dy.
Soň­ra ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça 2024-nji ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry we borç­la­ry ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­mek, ila­ta de­giş­li hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di we mi­nist­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ge­çen ýyl­da al­nyp bar­lan iş­ler, Gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, şeý­le hem onuň işi­ni ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­nyň, ulag-lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­me­gi­niň güm­rük işi­niň ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy­ny, şol san­da yg­ty­bar­ly güm­rük gö­zeg­çi­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow ge­çen ýyl­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ha­sa­bat­da gul­lu­gy ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de bu dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň gul­luk et­me­gi, ola­ryň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi, 2024-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da ra­ýat­syz­ly­gy ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki se­bit­le­ýin mas­la­ha­tyň ge­çi­ri­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, Gul­lu­gyň işi­ni, şol san­da mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Döwlet Baştutanymyz Gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek, dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak, iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ni Gul­lu­gyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­läp, bu ba­bat­da tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­zyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň har­by howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, şeý­le hem Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni, bu iş­le­riň mun­dan beý­läk hem do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nip ge­çil­ýär. Bu baý­ram ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­na we iş­gär­le­ri­ne bil­di­ril­ýän uly yna­myň, çäk­siz hor­ma­tyň we olar hak­da edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz pur­sat­dan peý­da­la­nyp, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň äh­li har­by gul­luk­çy­la­ry­ny we iş­gär­le­ri­ni ýe­tip gel­ýän Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.