3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň go­ran­mak uky­by­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry hü­när­li har­by gul­luk­çy­la­ry taý­ýar­la­mak, ola­ryň iş we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bu ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ge­çen on bir aý­da ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne, ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­nyň, azat­lyk­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de bu dü­zü­me san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, pro­ku­ra­tu­ra iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nun­la­ryň hem-de beý­le­ki hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we Baş pro­ku­ro­ra bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň on bir aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň we ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, ýan­gyn we ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döwlet Baş­tu­ta­ny­myz jem­gy­ýet­çi­lik ter­tip-düz­gü­ni­ni pug­ta ber­jaý et­me­giň, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek işin­de san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň şu ýy­lyň on bir aýyn­da alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, ka­zy­ýet işi­ni ne­ti­je­li gu­ra­mak üçin öň­de­ba­ry­jy usul­la­ryň we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ry­ly­şy, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, ka­zy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni hem-de ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, ka­zy­ýet ul­ga­my­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew şu ýy­lyň ýan­war – no­ýabr aý­la­ryn­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, mi­nistr­li­giň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ge­çen on bir aý­da Wa­ta­ny­my­zyň ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het ga­la­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ser­he­di­niň dost­lu­gyň hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gyň ser­he­di­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gul­lu­gyň işi­ne öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hü­när­li ser­het­çi­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, bu ugur­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now ra­ýat­la­ra we eda­ra gör­nüş­li ta­rap­la­ra hu­kuk hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan dü­züm­le­riň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk üp­jün et­mek, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň işi­ne san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, hu­kuk üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň bel­le­nen ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­gi­ne gö­zeg­çi­li­gi has-da kä­mil­leş­dir­me­gi, gul­lu­gyň işi­ne tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dyr usul­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di hem-de gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow şu ýy­lyň ýan­war – no­ýabr aý­la­ryn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de gul­lu­gyň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li iş­le­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň, hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän gün­le­rin­de howp­suz­ly­gy, jem­gy­ýet­çi­lik hu­kuk ter­ti­bi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le-de döwlet Baştutanymyz Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň ýe­tip gel­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Garaşsyz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň har­by howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny ber­kit­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we bu iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.