Ilki bilen goranmak ministri B. Gündogdyýew şu ýylyň geçen döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşun düzümlerinden we harby edaralardan çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen şertler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, dünýäniň ösen tejribesini işjeň özleşdirmegiň, ýokary derejeli hünär eýeleri bolan harby gullukçylary taýýarlamak meseleleriniň möhümdigine ähmiýet berip, eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesini hem-de daşary syýasy ugruny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan Harby doktrinanyň onuň esasyny düzmelidigini belledi.
Içeri işler ministri M. Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler we «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilen biraýlygyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de IIM-niň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň içeri işler edaralarynyň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Ministrligiň ähli bölümleriniň degişli tehnikalaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrylmagy, düzümlere häzirki zaman guramaçylyk usullarynyň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş. Durdyýew şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygyny üpjün etmek, serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugyň dolandyryş düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylyk söýüjilik we özara hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmekde Serhet goşunlaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz mukaddes borjy ýerine ýetirýän serhetçiler hut şu ýörelgelerden ugur alyp, döwlet serhetlerini gije-gündiziň dowamynda ygtybarly goramak bilen, eziz Diýarymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmelidirler. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G. Hallyýew hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazylaryň kanunçylyk namalarynyň kabul edilen kadalaryna laýyklykda, ykdysady, raýatlyk, dolandyryş, jenaýat we beýleki meseleleriň çözgüdini üpjün edýän häzirki zaman döwlet düzümi bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz kazyýet ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajyp meseleleriň biridigini belläp, kabul edilýän çözgütlerde kanunçylygyň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Baş prokuror B. Atdaýew şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, birnäçe düzümlerde geçirilen seljermeleriň jemleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, dürli görnüşli hukuk bozmalaryň wagtynda öňüni almagyň, sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmagyň bu gullugyň düzümleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwlet häkimiýet edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş we ýerli häkimiýet ýerine ýetiriş düzümleriniň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli şahsyýetleriň hem-de beýleki raýatlaryň işlerinde kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri G. Annaýew 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda milli howpsuzlygy üpjün etmek, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça amala aşyrylan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärli wezipäni alyp barýandygyny, hut şu nukdaýnazardan, döwletimiziň okgunly ösüşiniň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrman netijeli gulluk etmelidiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimizde abadançylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde alnyp barylýan işler talaba laýyk derejede dowam etdirilmelidir.
Soňra adalat ministri B. Muhamedow şu ýylyň geçen 9 aýynda kanunçylyk binýady kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kadalaşdyryjy we hukuk tejribesinde konstitusion hukuklaryň, raýatlaryň azatlyklarynyň hem-de kanunçylygyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M. Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri we gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň täzeçil ýoluna geçmeginiň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy üçin oňyn şertleriň döredilmeginiň, daşary ykdysady işiň möçberiniň, häsiýetiniň we görnüşleriniň kämilleşdirilmeginiň gümrük gullugynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny talap edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky bar bolan oňyn tejribeleri, umumy kabul edilen kadalary we ülňüleri nazara alyp, onuň guramaçylyk-dolandyryş işiniň döwrebaplaşdyrylmalydygyny belledi hem-de bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy M. Gurdowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä B. Öwezowy belläp, ony gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlyklygyna bellenilen B.Öwezow Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyna tagzym edip, mähriban Watanymyza wepaly gulluk etmek, halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda durmak barada harby kasamy kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýän döwründe bu gullugyň her bir işgäriniň düzümiň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine mynasyp goşant goşmalydygyny belläp, bu gullugyň ýolbaşçysyna döwrebap maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow şu ýylyň geçen dokuz aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara işjeň hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan we Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşynyň kepili bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Harby doktrinany amala aşyrýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralar üçin kesgitlenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň, şahsy düzümleriň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de hukuk taýýarlygyna, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edişine baglydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan goranmak häsiýetli harby taglymatyň binýadyny düzýän parahatsöýüjilik we ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli ýokarlandyrýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada mundan beýläk-de alada eder diýip aýtdy.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.