Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz zähmeti netijesinde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine, eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi hem tanalmaz derejede özgerýär. Gündogaryň Merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat möhüm syýasy hem-de ykdysady merkez hökmünde giňden tanalýar we ösýär. Bu babatda hormatly Arkadagymyz: «Aşgabat biziň Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň baş şäheridir, şol ýerde täze başlangyçlar ýüze çykýar we amala aşyrylýar, möhüm döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär» diýip belleýär.
Ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň her biriniň özboluşly gözelligi bar, paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň ählisini özünde jemleýän şäherdir. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki dürli desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iri we has ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilip, onda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalarynyň, şol sanda paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegine ýardam etdi.
Häzirki wagtda Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi hökmünde tanalýan Aşgabat syýasat, saglyk, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarynda hem halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzyň paýtagtynyň dünýädäki ornuny has-da beýgeldýär. Galyberse-de, baş şäherimiz bu günki gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde hem dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Sözümize mysal, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem mysal bolup biler. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurduň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Goý, abadançylygyň röwşen gadamlary bilen galkynýan gözel paýtagtymyzyň şan-şöhraty has-da belende göterilsin! Aýdyň geljegi nazarlap, ynamly gadamlar bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimizde eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamanada, mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi dünýä nusgalyk şähere öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň
maýory.