Dünýä Kubogy 2026-ny garaşylyşyndan ir tamamlan Germaniýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi. Ýulian Nagelsmann şowsuz netijeden soň wezipesini taşlapdy we onuň ornuna Ýurgen Klopp bilen ylalaşyk gazanylypdy. Ussat tälimçi resmi ýagdaýda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. 59 ýaşyndaky hünärmen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Ol täze işi bilen baglanyşykly geçirilen metbugat ýygnanyşygynda: – Janköýerler men siziň üçin dolanýaryn. Islän wagtyňyz men işimi bir köpük hem alman taşlap bilerin. Men bu işi siziň üçin kabul edýärin. Şonuň üçin näme mesele bolsa meniň ýüzüme, özüme aýdyň – diýip, beýanat berdi.

Ol Germaniýanyň ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysy ýaly güýçli toparmy, jogaby ýok. Ýa-da Dembele, Mbappe, Due, Barkola ýaly oýunçylarymyz barmy, jogaby ýok. Ýöne biz olary ýeňip bileris. Nädipmi? Fransiýa, Ispaniýa, Argentina seredip oturmaly däl. Esasy zat özümize we nähili oýnajakdygymyza seretmeli. Biz häzir dünýäde birinji belgide däl. Bizden öňde 10 ýygyndy bar. Ýöne biz olary öz oýnumyz bilen ýeňmegiň ýoluny, usulyny tapmaly – diýip, gürledi.

2024-nji ýylyň tomsunda “Liwerpuldaky” tälimçiligini taşlan Klopp 2025-nji ýylyň başynda “Red Bull” kompaniýasynda futbol klublar üçin maslahatçy bolup işe başlapdy. Ilkinji gezek milli topary türgenleşdirjek Klopp “Liwerpuldan” öň “Borussiýa Dortmund” hem-de “Maýns” klublarynyň tälimçisi bolupdy.