«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap güýje girýän täze uçuş tertibinde ýurduň welaýatlarynyň arasynda amala aşyryljak göni howa gatnawlary doly görnüşde köpçülige ýetirildi.
Täze meýilnama laýyklykda, hepdäniň dürli günlerinde Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Balkanabat we Kerki şäherleriniň arasynda yzygiderli göni uçuşlar ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.
Daşoguz — Mary: sişenbe we penşenbe günleri sagat 11:40-da (yza gaýdyşyn sagat 13:30-da);
Daşoguz — Türkmenabat: ýekşenbe güni sagat 14:25-de (yza gaýdyşyn sagat 12:30-da);
Mary — Balkanabat: çarşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:15-de);
Türkmenabat — Balkanabat: duşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:05-de);
Balkanabat — Kerki: penşenbe güni sagat 12:20-de (yza gaýdyşyn sagat 14:50-de);
Daşoguz — Balkanabat: sişenbe we şenbe günleri sagat 12:10-da (yza gaýdyşyn sagat 14:10-da).
PDF









