“Volvo” kompaniýasynyň eýeçilik edýän “Polestar” brendi elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Ingenlat “Allebike” şereketi bilen bilelikde welosiped işläp taýýarlaýar. “Polestar”-yň ýolbaşçysy welosipedi diňe mahabat maksady bilen däl-de, aýratyn haryt hökmünde köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Soňky wagtlarda beýleki awtoulag öndürijileri hem elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlerini tanyşdyrypdy.
“Polestar” mundan ozal “Allebike Alpha Polestar Edition” atly welosipedini tanyşdyrypdy. Ýeňil materiallardan öndürilen bu welosiped dürli ýol şertlerinde sürmäge amatly bolup, urgyny özüne çekiji ulgam bilen üpjün edilipdir. Bu bolsa sürüjiniň rahatlygyny üpjün edýär. Bu ulagdan bary-ýogy 100 sanysynyň öndüriljekdigi mälim edilipdi. Kompaniýanyň täze welosipediniň bolsa haçan satuwa çykaryljakdygy häzirlikçe aýan edilmedi.
Jemile Oraznepesowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









