Welosiped sürmegiň saglyk üçin uly ähmiýeti bolup, aerobik maşklar toplumyny emele getirýär. Adam saglygy bilen bagly islendik zerurlygy kanagatlandyryp bilýändigi sebäpli, welosipedi dürli ýaşdaky adamlar sürüp bilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine esaslanýan adamlar özlerine sportuň has ýakyn görnüşlerini saýlap alýarlar. Mysal üçin, ylgamak, suwda ýüzmek, konkili ýa-da rolikli typmak, sport merkezlerine gatnap, bedeni berkitmek we ş.m. Welosiped sürmek hem sagdyn durmuş ýörelgesine esaslanýan adamlaryň aglaba böleginiň iň gyzykly güýmenjesidir. Häzirki wagtda dünýäde welosiped sürmeklige isleg ýokarlanyp, welosipedçiler üçin ýörite ýollar gurulýar, kanuny düzgünnamalar güýje girizilýär.
Iki tigirli ulagyň peýdasy sanardan köpdür. Welosiped sürmek adamy beden taýdan taplamaga, wagtyny gyzykly we täsirli geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosiped sürýän her bir adam özünde oňyn üýtgeşmeleriň bolup geçýändigine göz ýetirýär. Welosiped sürmek işjeň durmuş ýörelgesine eýermäge kömek edýän, fiziki we akyl saglygyny ösdürýän maşklar toplumydyr. Geliň, welosiped sürmegiň ylmy taýdan subut edilen peýdalary bilen tanyş bolalyň!
- Welosiped sürmek ýürek-damar ulgamynda döräp biljek howplardaky töwekgelçiligiň öňüni almaga mümkinçilik berýär, gan basyşyny kadaly ýagdaýda saklamaga kömek edýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, welosiped sürýän adamda ýürek agyry howpy 50 göterime çenli azalýar.
- Agramy, takmynan, 50-55 kilogram bolan welosipedçi aýagyň, arkanyň, garnyň we bagryň myşsa hereketini ýokarlandyrmak bilen, ortaça tizlikde 150-250 kaloriýa sarp edýär. Bu bolsa, adamyň artykmaç agramdan dynmagyna ýardam edýär.
- Nädogry dem alyş öýkeniň işiniň bozulmagyna sebäp bolýar hem-de beden zerur bolan kislorod bilen üpjün edilmeýär. Welosiped adamyň has rahat, has çuň we ritmiki dem almagyna itergi berýär. Bu bolsa, öýkeniň kuwwatyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Welosiped dem alyş ulgamynda ýyllarboýy toplanan toksinleri hem arassalaýar.
- Welosiped sürlende bedeniň myşsalar ulgamy ep-esli güýçlenýär. Dyzyň, but myşsalarynyň hereketi artyp, esasy agram aýaga düşýär. Aýak çarhy aýlamak üçin energiýa sarp edýär. Bogunlardaky sürtülme peselip, şikes ýetmek ähtimallygy azalýar. Bu, esasan, dyzyň işjeň işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, garyn, bagyr myşsalary, oňurga bogunlary, muskul dokumalary, barmak bogunlary, çiginler güýçli hereket esasynda işjeňleşip, adamda deňagramly hereket emele gelýär. Welosiped sürmek ysmaz keseliniň, gan-damar ulgamynda döräp biljek howplaryň öňüni alýar.
- Birnäçe barlaglaryň netijesinde, welosiped sürmegiň işdäňi dolandyrmaga kömek edýändigi subut edildi. Welosiped sürlende işdämenlik gormony işjeňleşip, adamda kadaly iýmit dolanyşygy emele gelýär.
- Welosiped sürmek beden üçin örän peýdaly bolup, bejeriş täsirine eýedir. Arassa howada ýerine ýetirilýän welosipedli gezelenç stresden dynmaga mümkinçilik berýär.
- Welosiped sürlen wagty sarp edilýän energiýa gije rahat uklamaga kömek edýär. Kadaly uky adam saglygynyň iň möhüm şertleriniň biridir. Lukmanlar gowy uklamak üçin ýatmazdan 4 sagat öň welosiped sürmegi bes etmegi maslahat berýärler.
- Irden käte döräp bilýän aňyň bulaşmasy, kellagyry ýaly ýagdaýlar welosiped sürmek arkaly aňsatlyk bilen çözülýär. Welosiped beýnidäki gan aýlanyşyny gowulandyryp, işjeňligi ýokarlandyrýar.
- Welosiped sürýän adam diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, beden taýdan hem ýaşarýar. Fitnes tälimçileriniň pikiriçe, 100 minut welosiped sürmek her gün 20-30 minut ylgamakdan has peýdalydyr. Welosiped sürýänleriň myşsalary has güýçlenýär, metabolik alyş-çalyş ep-esli çaltlaşýar we deri sagdyn hem-de ýaş görünýär.
- Welosiped daşky gurşawa zyýansyz, ekologiýa taýdan arassa ulagdyr. Her bir welosipedçi daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly maddalaryň mukdaryny azaltmak bilen jemgyýete peýda getirýär. Mundan başga-da, welosiped sürýän adam ulag dyknyşyklarynyň azalmagyna we ýangyç tygşytlylygyna öz goşandyny goşýar.
- Welosiped süreniňizde ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edip, ýüze çykyp biljek şikeslenmelerden özüňizi goraň! Her gezek ýola çykanyňyzda welosipediň umumy ýagdaýyny gözden geçirmegi we gorag başgabyny geýmegi ýatdan çykarmaň! Ýoluňyz ak bolsun!