10-njy oktýabrda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Wenesuelanyň mejlisiniň öňki agzasy Mariýe Korina Maçado berildi.
Nobel komiteti Mariýe Korina Maçadonyň «Wenesuela halkynyň demokratik hukuklaryny öňe sürmek ugrundaky ýadawsyz işi we demokratiýa adalatly we parahatçylykly geçiş ugrundaky göreşi üçin” mynasyp bolandygyny mälim etdi. Ol 11 million şwed kronyny alar (takmynan, 1,2 million dollar).
Geçen ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy, “ýadro ýaraglaryndan azat dünýäni gazanmak we ýadro ýaraglarynyň mundan beýläk ulanylmaly däldigini görkezmek üçin edýän tagallalary” üçin Hirosima we Nagasakide bolan partlamalardan aman galanlary birleşdirýän ýapon guramasy “Nihon Hidanke” gowşuryldy.