9-njy oktýabrda 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy wenger ýazyjysy Laslo Krasnahorkaä berildi. Bu barada Nobel komiteti mälim etdi.
Ýazyjy bu baýraga “apokaliptik elhençligiň içinde sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin» eýe boldy. 1983-nji ýylda Budapeşt uniwersitetini tamamlan Krasnahorkai hukuk we sungatyň taryhy boýunça bilim aldy. Ýazyjy Mongoliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Bosniýa, ABŞ we Ýewropa ýurtlaryna etdi. Onuň ilkinji kitaby 1977-nji ýylda neşir edildi. Krasnahorkaýyň antiutopik romanlary we gysga hekaýalary köpleriň göwnünden turdy. Ýazyjynyň eserleri dünýä dilleriniň köpüsine terjime edildi. Krasnahorkai abraýly halkara baýraklarynyň eýesidir.