Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar ýurduň Prezidenti wezipesine küşt boýunça dünýä taryhynda iň görnükli zenan Ýudit Polgaryň dalaşgärligini hödürlemek meýilnamasyny mälim etdi. Hökümet Başlygy 49 ýaşly küştçiniň milletiň agzybirliginiň nyşany bolup biljekdigini belledi. Ol basym Polgar bilen duşuşyp, Prezidentlige dalaşgär bolmak teklipnamasyny kabul edip-etmejekdigini takyklamagy göz öňünde tutýandygy aýtdy.
Mundan ozal Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýok ýurduň täze Premýer-ministri Peter Madýaryň dolandyrýan «Tisa» partiýasy tarapyndan kabul edilen Esasy kanuna girizilen düzedişlere gol çekdi. Bu düzedişler onuň döwlet Baştutany wezipesindäki ygtyýarlyklaryny bes etdi.
Kanunçylyk üýtgetmeleri ozalky Premýer-ministr Wiktor Orbanyň dolandyran döwründäki häkimiýet binýadyny üýtgetmek boýunça Madýaryň meýilnamasynyň bir bölegi boldy. Premýer-ministr aprel aýynda geçirilen saýlawlarda gazanylan ynamly ýeňişden soň şeýle çäreleri geçirmäge saýlawçylardan doly ygtyýarnama alandygyny bildirdi.
Konstitusion düzedişleri kabul etmek üçin zerur bolan üçden iki ses köplügine eýe bolan milli Parlament ýurduň täze Baştutanyny saýlar. Saýlanan Prezident täze Esasy kanun güýje girýänçä ýa-da iň köp bäş ýyl möhlet bilen öz wezipesini ýerine ýetirer.
Ýudit Polgar dünýäniň küşt taryhynda iň zehinli zenan küştçileriň biri hökmünde tanalýar. Ol «supergrossmeýster» derejesi hökmünde kabul edilýän 2700 reýting utugyndan geçen ýeke-täk zenandyr. Görnükli küştçi barada düşürilen «Perzi» atly dokumantal film bolsa, fewral aýynda «Netflix» platformasynda köpçülige hödürlendi.