Formula 1 boýunça 76-njy möwsümiň çempiony iň soňky 24-nji ýaryşda belli boldy. BAE-niň paýtagty Abu-Dabide geçirilen 58 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüji soňky 4 möwsümiň çempiony Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 26 minut 7,469 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji, karýerasy boýunça-da 71-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Ýöne bu ýeňiş onuň bassyr 5-nji çempionlygy üçin ýeterlik bolmady. Sebäbi soňky 10 tapgyrda tijenen Werstappeniň çempion bolmagy üçin sanawyň lideri Lando Norrisiň ýaryşy 4-nji ýa-da ondan pes orunda tamamlamagy gerekdi. Emma “McLaren” toparynyň britan sürüjisi ýaryşy awstraliýaly topardaşy Oskar Piastriden soň 3-nji orunda tamamlady.
Çempionlyk gazanan 35-nji sürüji
Şeýlelikde, Norris möwsümi Werstappenden köp utuk bilen tamamlap, karýerasy boýunça ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Norris 423 utuk bilen Werstappenden 2 utuk öňe saýlandy. 26 ýaşyndaky Lando Norris F1-iň taryhynda çempionlyk gazanan 35-nji sürüji boldy. Şol bir wagtyň özünde ol möwsümi çempion tamamlan 11-nji britaniýaly pilot diýlip hasaba alyndy. Norris karýerasy boýunça 11 ýaryşda (şolaryň 7-si şu möwsümde) ýeňiji boldy. Şeýle-de, “McLaren” toparynyň sürüjileri 13-nji gezek çempionlyk gazandy.
Werstappen yzly-yzyna 5 çempionlyk gazanyp, Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalamakçy bolýardy. Werstappen bolsa 2-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Ol soňky 9 bäsleşigiň 6-synda ýeňiji bolsa-da, bu oňa çempionlyk üçin ýeterlik bolmady.
Ilkinji 15 ýaryşyň 7-sinde ýeňiş gazanyp, köp wagtlap umumy sanawyň birinjiligini özünde saklan Piastri 3-nji orny eýeledi. Ol 410 utuk toplamagy başardy.
4 sürüji ýeňiş gazandy
F1-iň 76-njy möwsüminde jemi 24 ýaryş geçirip, şolarda 4 sürüji ýeňiş gazandy. Şolaryň 8-sinde Maks Werstappen ýeňiji bolsa, “McLaren” toparynyň sürüjileri Lando Norris bilen Oskar Piastri 7 gezek birinji orny eýelediler. “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell bolsa 2 ýaryşy ýeňiş bilen tamamlady. Ýylyň başynda “Ferrari” toparynyň düzümine goşulan Lýuwis Hamilton karýerasy boýunça ilkinji gezek bir möwsümi ýeňişsiz tamamlady.
PDF









