Wiktor Soýuň seýrek aýdymy tapyldy

2

Şwesiýada ýaşaýan raýatyň şahsy arhiwinde meşhur rok sazandasy Wiktor Soýuň özi tarapyndan ýerine ýetirilen, ozal ýiten hasaplanan («Minutlaryň çagalary») atly seýrek aýdymynyň ýazgysy tapyldy. Aýdymyň asyl nusgasy 1988-nji ýylda Georgiý Gurýanowyň öýündäki oturylyşyk wagtynda Wiktor Soýuň tanyşy Sara Okerren tarapyndan magnit lentasyna ýazgy edilip, 30 ýyldan gowrak wagtlap şwesiýaly zenanyň şahsy arhiwinde goralyp saklanypdyr.
Sergeý Çubraýew bu seýrek aýdymyň gözlegine 2020-nji ýylda «Zwuki Mu» toparynyň baş-gitaraçysy Aleksandr Lipniskiniň arhiwinden degişli goşgy setirlerini tapandan soň başlapdyr. Wiktor Soý öz döwründe ýiti degişme we parodiýa häsiýetli bu aýdymyň dostlarynyň göwnüne degmeginden ätiýaç edip, ony konsertlerde aýtmakdan we studiýada ýazgy etmekden boýun gaçyrypdyr. Gözlegleriň netijesinde, kolleksiýaçy şol döwürde ses ýazgy enjamlary bolan daşary ýurtly raýatlar bilen habarlaşyp, şwesiýaly Sara Okerreni tapmagy başarypdyr. Ol iki ýyl dowam eden hat-habarlyşykdan soň, kassetany studiýada sanly formata geçirmäge rugsat alypdyr. Täze tapylan aýdym Wiktor Soýuň doglan güni mynasybetli, 21-nji iýunda gije sagat 00:00-da köp sanly internet platformalarynda ilkinji gezek ýaňlandy.