Dünýäniň iň köp ilatly şäherleriniň biri bolan Şanhaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän awtobuslaryň sany artdyrylar. Hytaýyň günbataryndaky port şäheriniň Lingan sebiti täjirçilik maksatly awtobuslary bilen beýleki şäherlere nusga bolýar. Ýylyň başyndan bäri şeýle awtobuslaryň sany artdyrylyp, häzirki wagtda wodorod ýangyçly 66 awtobus hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde sürüjisiz awtobuslar hem synagdan geçirilýär. Bu awtobuslaryň ýylyň ahyrynda dolulygyna hyzmata hödürlenmegine garaşylýar.
Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýda köp ilatly şäherlerde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen elektroulaglaryň öndürijilişinde we satuwynda ýeňillik döredilýär. Şeýle hem bu ýurtda arassa ýangyç bilen işleýän awtobuslaryň hem ululy-kiçili onlarça görnüşi öndürilýär. Bu awtobuslar diňe ýurduň içinden däl, daşary ýurtlardan hem sargyt alýar. Bilermenler arassa ýangyçly jemgyýetçilik ulaglarynyň giňen ulanylmagynyň şäherlerde howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda has täsirli boljakdygyny belleýärler. Sebäbi, uly göwrümli awtobuslar has köp ýolagçyny gatnadýarlar we yzygiderli hereket edýärler. Şol sebäpli bir awtobusyň wodorod ýa-da elektrik energiýasy bilen işlemegi birnäçe ýeňil awtoulagyň adaty ýangyçly bolmagyna deň bolýar.
Körpäýew Kakadurdy, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









