Beýleki alternatiw energiýa çeşmeleri bilen bir hatarda wodorod ýangyjynyň hem geljekde daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Günorta Koreýada wodorod bilen bagly kanun çykaryldy. Täze düzgün ýurtda wodorod ýangyjynyň ulanylmagynyň artdyrylmagyna ýardam eder. Ýurtda 2040-njy ýyla çenli 1 200 täze wodorod guýujy bekediň döredilmegi maksat edinilýär. Bu kanun wodorod ekoulgamyny döretmäge mümkinçilik berer, wodorod bilen işleýän ulaglar, guýujy beketler we oňa degişli tehnologiýa kämilleşdiriler. Wodorod baradaky kanun diňe önüm öndürijileri däl, eýsem sürüjilere hödürlenýän ýeňillikleri hem göz öňünde tutulýar. Koreýa Respublikasynyň Energiýa ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2040-njy ýyla çenli 6,2 million wodorodly ulagyň satuwa çykarylmagy, 1 müň 200 zarýad bekediniň hyzmata hödürlenmegi we müňlerçe awtobusyň jemgyýetçilik gatnawynda peýdalanylmagy maksat edinilýär. Wodorod ýangyçly ulaglary öndürmekde bäsdeşlerinden öňe saýlanýan “Hyundai” geçen ýyl ýurtda 36 wodorod zarýad bekedini işe girizipdi.