Zenanlaryň arasynda BAE-de geçirilen Dubaý tennis çempionatynda russiýaly Mirra Andreýewa ýeňiş gazandy. Ol finalda daniýaly Klara Tausony 2 setde – 7:6 we 6:1 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň karýerasy boýunça 2-nji çempionlygydyr. 17 ýaşyndaky Mirra Andreýewa “WTA 1000” görnüşli ýaryşda çempionlyk gazanan iň ýaş tennisçi bolmagy başardy.
17-nji çempionlygy
Tennis boýunça erkekleriň arasynda Dohada geçirilen Katar Açyk” ýaryşynda russiýaly Andreý Rublýow ýeňiji boldy. Ol finalda britaniýaly Jäk Dreperi 7:5, 5:7 we 6:1 hasaplar bilen ýeňip, 17-nji ATP çempionlygyny gazandy. “ATP 500” derejesinde geçirilýän we 3 million dollar baýrak gaznasy bolan ýaryşda Rublýow 3-nji finalynda 2020-nji ýyldan soň 2-nji gezek çempion bolmagy başardy.
Argentinada braziliýaly, Braziliýada argentinaly tennisçi ýeňiji
Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde erkekleriň arasynda guralan “Rio Açyk” tennis ýaryşynda argentinaly Sebastian Baes çempionlyk gazandy. Ol finalda fransiýaly Alekander Müllerden 6:2, 6:3 hasaplar bilen üstün çykdy. Bu onuň 7-nji çempionlygydyr. Öňki hepdede Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde geçirilen ýaryşda braziliýaly Žoao Fonseka çempion bolupdy. Bu gezek Braziliýada geçirilen ýaryşda bolsa argentinaly tennisçi ýeňiş gazandy.