Germaniýnyň Münhen şäherinde erkekleriň arasynda geçirilen “ATP 500” ýaryşlarynyň çägindäki “Bawariýa” halkara tennis çempionatynda amerikaly Ben Şelton ýeňiji bolup, ol finalda italiýaly Flawio Kobolli bilen duşuşdy. Duşuşykda 6:2 we 7:5 hasaplar bilen üstün çykan Ben Şelton özüniň sport ýolunda 5-nji ATP kubogyny asmana göterdi. Ol geçen ýyl bu ýaryşyň finalynda germaniýaly Aleksander Zwerewden ýeňlipdi. Ben Şelton pul baýragy bilen bir hatarda, BMW kysymly ulagy bilenem sylaglandy.

Tennis boýunça erkekleriň arasynda Ispaniýada geçirilen “Barselona Açyk” ýaryşynda fransiýaly Artur Fils ýeňiş gazandy. Ol finalda russiýaly Andreý Rublewi 6:2 we 7:6 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu 21 ýaşyndaky tennisçiniň karýerasy boýunça 4-nji kubogy boldy.

Zenanlaryň arasyndaky Germaniýada geçirilen “Ştutgart Açyk” tennis ýaryşynda gazagystanly Ýelena Rybakina ýeňiji boldy. Ol finalda çehiýaly Karolina Muhowany 7:5 we 6:1 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. 26 ýaşyndaky Rybakina 2024-nji ýyldan soň bu ýerde 2-nji çempionlygyny gazanyp, bu onuň umumylykda WTA-nyň ýaryşlaryndaky 13-nji kubogy hökmünde hasaba alyndy. Rybakina ýeňiji hökmünde pul baýragy bilen bilelikde, baş hemaýatkär bolan “Porsche” kysymly ulagyň täze görnüşleriniň biri berildi.

Fransiýanyň Ruan şäherinde geçirilen zenanlaryň arasyndaky “Açyk WTA 250” tennis ýaryşynyň finalynda ukrainaly 2 tennisçi duşuşdy. 2 setde tamamlanan finalda Marta Kostýuk watandaşy Weronika Podrezden 6:3 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy. 23 ýaşyndaky Kostýuk 2023-nji ýyldaky “ATX Açyk” (ABŞ) ýaryşyndan soň karýerasyndaky 2-nji çempionlygyny gazandy. Ruan Açyk tennis ýaryşynda geçen ýylam ukrainaly tennisçi Elina Switolina ýeňiji bolupdy.