Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Wýetnama amala aşyran sapary wagtynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça 14 resminama gol çekildi. Gol çekilen şertnamalar goranmak, arhiw, oba hojalygy, ulag, aerokosmos senagaty, ylym, tehnologiýa we ýadro energiýasy ýaly köp sanly pudagy öz içine alýar.
Wýetnamyň Ylym we tehnologiýa akademiýasymyň, Fransiýanyň Milli kosmos barlaglary merkeziniň we “Airbus Defence & Space” kompaniýasynyň arasynda Ýere gözegçilik hemralaryny ýerleşdirmegi öz içine alýan aerokosmos pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle hem resminamalaryň arasynda Wýetnamyň howa kompaniýasy “Vietjet” we fransuz kompaniýasy “Airbus”-yň arasynda 20 sany giň göwrümli “A330-900” uçarlaryny satyn almak barada şertnama, hem-de Ninthuan welaýatynda guraklyga, eroziýa we suw joşmalaryna garşy taslamalara karz pul serişdelerini bölüp bermek barada ylalaşyklar bar.
Şeýle hem Fransiýanyň “Sanofi Pasteur” we Wýetnamyň “Vietnam Vaccine Joint Stock Company” kompaniýasynyň arasynda waksina önümçiligi üçin tehnologiýa bermek meselesi boýunça ylalaşyklar gazanyldy.