Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde sagat 15:00-da uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär.
“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.
Uniwersitet baradaky maglumatlar iogu.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilen.
Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-13-05, 39-13-18.
Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheri, G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 4-93-62, 2-19-98.
Elektron salgysy: iuog@sanly.tm
Web-saýt: https://iogu.edu.tm/