Bir maş­ga­la dynç alyş gü­nü­ni de­ňiz ke­na­ryn­da ge­çi­rip­dir. Ça­ga­lar de­ňiz­de su­wa dü­şüp­dir­ler hem-de çä­ge­den geň-ena­ýy jaý­ja­gaz­la­ry ýa­sap­dyr­lar.
Bir­de­nem, uzak­dan bir gar­ry kem­pi­riň ga­ra­sy gör­nüp­dir. Gar­ry kem­pir kö­ne­len egin-eşi­gi­ni ýe­le yk­ja­dyp gelşine, öz ýa­nyn­dan hü­mür­däp, kä­wagt aşak eg­lip, ýer­den bir zat­lar alyp, tor­ba­sy­na sal­ýar­dy. Ene-ata­la­ry ça­ga­la­ry­ny ýa­ny­na ça­gy­ryp, bu gel­ýän gar­ry­dan ga­ça­rak dur­ma­gy tab­şy­ryp­dyr­lar. Ol ça­ga­la­ryň go­la­ýyn­dan ge­çip bar­ýar­ka, ýer­den bir zatlar çöp­läp bar­şy­na ola­ra ga­rap ýyl­gy­ryp­dyr, ýö­ne onuň ýyl­gy­r­şy­na hiç kim üns ber­män­dir.
Olar baş­ga bir ge­zek de­ňiz ke­na­ry­na dynç al­ma­ga ba­ran­la­ryn­da bu gar­ry kem­pi­riň ça­ga­la­ryň aýa­gy­ny gy­ýaý­ma­syn di­ýip, he­mi­şe deň­ziň ke­na­ryn­da­ky çüý­şe gyý­çak­la­ry­ny çöp­le­ýän­di­gi­ni bi­lip ga­lyp­dyr­lar.
Ýag­şy­lyk­dan ýa­man­lyk göz­le­me.
Ýag­şy­ly­gy bil­me­seň, ýag­şy­ly­ga go­şul.
Ýag­şy­lyk iň­ňä­niň gö­zün­den gör­ner.