Sportuň taryhy

327

Sport dü­şün­je­si has ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş al­ýar. Bu söz ga­dy­my fran­suz di­lin­den ge­lip çy­kyp, «oýun, güý­men­je» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Il­kin­ji sport gör­nüş­le­ri adam­la­ryň ara­syn­da gö­wün aç­mak, şat­lan­mak üçin dö­re­di­lip­dir we oý­na­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de spor­tuň ýüzlerçe gör­nü­şi mä­lim­dir. Olar hem oý­na­lyş düz­gü­ni bo­ýun­ça ýe­ke­le­ýin we to­par­la­ýyn gör­nüş­le­re bö­lün­ýär. Spor­tuň iň ga­dy­my bäş gör­nü­şi yl­ga­mak, gö­reş, ýaý­dan ok at­mak, boks we su çu ha­sap­lan­ýar. Yl­ga­mak we gö­reş Fran­si­ýa­da ýü­ze çy­kan bol­sa, ok at­mak af­ri­ka­ly ýa­şaý­jy­la­ryň ara­syn­da peý­da bo­lup­dyr. Bok­suň bol­sa ga­dy­my Me­so­po­ta­mi­ýa­da peý­da bo­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Su çu oý­ny bol­sa Hy­taý­da ýü­ze çy­kyp­dyr. «Su» «aýa­gyň bi­len dep­mek», «çu» «top» diý­me­gi aň­lad­ýar. Iň ir­ki fut­bol hasaplanýan bu oýun to­py bam­buk­ tor bi­len ör­tü­len der­we­zä ge­çir­mek ar­ka­ly oý­na­lyp­dyr. 2004-nji ýyl­da FI­FA bu oý­ny fut­bo­lyň iň ga­dy­my gör­nü­şi di­ýip tas­syk­la­dy.

Bä­gül HO­JA­NE­PE­SO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.