Günorta Koreýada ýalňyz ýaşaýan pensionerler üçin çaganyň keşbindäki robot gurjaklar paýlanyp başlandy. Bu robot gurjaklar garrylaryň olar bilen söhbetdeş bolmagyna, şeýle hem ýalňyzlykdan halas bolmagyna ýardam eder. Bu täsin gurjaklar “Hyodol” kompaniýasy tarapyndan döredildi. Robotlar eýýäm döwlet maksatnamalary esasynda ýalňyz ýaşaýan 12 müň adama paýlandy. Bu gurjagyň bahasy 879 dollara barabar. Ýumşak gurjaklaryň ululygy 40 santimetr bolup, olar emeli aň bilen üpjün edilip, 7 ýaşyndaky çaga sesi bilen gepleýär, aýratyn hem olar öý eýelerini “men saňa örän kän garaşdym” diýip şatlykly ýagdaýda olary garşy alýar. Şeýle hem olar garrylara dermanlaryny wagtly-wagtynda içmelidigini ýatladyp durýar. Häzirki wagtda 6 hepdäniň dowamynda geçirilen barlaglar bu robotlar esasynda garrylaryň arasyndaky göwnüçökgünligiň azalandygy, şeýle hem akyl işjeňliginiň gowulanandygyny görkezýärler. Garrylar bu gurjaklara edil çaga at dakyşlary ýaly at goýýarlar, egin-eşik satyn alyp geýdirýärler, olary uklamagy üçin düşege geçirýärler.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.