(Günbatar Afrika ertekisi)

Bir wagt­lar Anan­se at­ly bir möý­ja­gaz ýa­şap­dyr. Ol iý­me­gi örän halaýan eken, ýö­ne iş­le­me­gi ha­la­maz eken. Şol se­bäp­li hem ol se­miz we gys­ga aýak­ly eken.
Gün­ler­de bir gün Anan­se tow­şa­nyň­ka myh­man­çy­ly­ga ba­ryp­dyr. Bar­sa, tow­şan na­har bi­şi­rip otu­ran eken. Anan­se:
– Tow­şan dost, nä­me bi­şir­ýär­siň? – di­ýip so­ra­ýar.
Tow­şan bol­sa:
– Çor­ba bi­şir­ýä­rin – di­ýip, jo­gap ber­ýär.
Anan­se bur­nu­ny bü­rüş­di­rip:
– Ysy er­bet däl eken – diý­ýär.
Tow­şan oňa mä­hir bi­len:
– Bir sa­gat tö­we­re­gi ga­raş­saň, taý­ýar bo­lar. Is­le­seň, bi­le­je iýe­ris – di­ýip, tek­lip ed­ýär.
Em­ma hi­le­gär Anan­se: «Hä­zir mu­nuň ýa­nyn­da otur­sam, ma­ňa kö­mek et di­ýip, bir iş buý­rar» di­ýen gor­ky bi­len:
– Dos­tum, me­niň wag­tym ga­ty az, ýö­ne go­wy bir pi­ki­rim bar – di­ýip­dir-de, özün­den uzyn bir ke­rep çy­ka­ryp­dyr. – Şu ke­re­biň bir uju­ny ga­za­nyň ga­pa­gy­na, beý­le­ki uju­ny bol­sa me­niň aýa­gy­ma da­ňa­ly. Çor­ba taý­ýar bo­lan­da sen ýü­pi çe­ker­siň, me­nem şon­da ge­le­rin – di­ýip­dir.
Şeý­le­lik­de, Anan­se ýo­la dü­şüp­dir. Köp wagt geç­män­kä, ol maý­my­nyň­ka ba­ryp­dyr.
– Sa­lam, maý­myn dost! Nä­me bi­şir­ýär­siň? – di­ýip so­ra­ýar.
Maý­myn:
– Kö­ke bi­şir­ýä­rin. Bir sa­ga­da taý­ýar bo­lar, otur­saň bi­le­je iýe­ris – di­ýip, jo­gap ber­ýär.
Anan­se bol­sa: «Maý­my­nyň ça­ga­la­ry­nyň gal­ma­ga­ly me­ni bi­ma­za eder» di­ýip pi­kir edip, ýe­ne ba­ha­na ta­pyp­dyr:
– Men bi­raz iş­li, ýö­ne go­wy bir pi­ki­rim bar – di­ýip, ýe­ne bir ke­rep çy­ka­ryp, bir uju­ny oja­gyň aýa­gy­na, beý­le­ki­si­ni ikin­ji aýa­gy­na da­ňyp­dyr-da, maý­myn bi­len hoş­la­şyp ýo­la dü­şüp­dir.
Anan­se ýo­lug­ra ýe­ne-de bir­nä­çe dos­tu­nyň­ka ba­ryp­dyr we hem­me­si­ne-de şol bir til­si­mi ula­nyp­dyr. Ahyr­so­ňy, se­kiz aýa­gy­nyň her bi­ri­ne aý­ry-aý­ry ke­rep daň­lan Anan­se gü­neş­li ýe­re ge­çip, ýa­typ­dyr. Ýa­ňy uka gi­den ma­ha­ly, aýak­la­ry­nyň bi­rin­dä­ki ke­rep çe­ki­lip baş­lap­dyr. Anan­se: «Tow­şa­nyň çor­ba­sy taý­ýar bo­lan bol­ma­ly» di­ýip, şol ta­ra­pa ýö­nel­mek­çi bo­lup­dyr we­lin, beý­le­ki aýa­gyn­da­ky ýüp hem çe­ki­lip­dir. Az sa­lym­dan soň­ra bol­sa, äh­li aýa­gyn­da­ky ke­rep­ler her ta­ra­pa dar­tyl­ma­ga baş­lap­dyr. Her haý­sy bir ta­ra­pa dar­ty­lan­soň, Anan­se ýe­rin­den hem gy­myl­dap bil­män­dir.
Ke­rep­ler şeý­le bir güýç­li dar­ty­lyp­dyr we­lin, ahy­ryn­da olar üzü­lip gi­dip­dir. Şol dar­tyş­ma ne­ti­je­sin­de Anan­se­niň gys­ga­jyk aýak­la­ry süý­nüp, in­çe­jik bo­lup ga­lyp­dyr.
Şon­dan soň­ra Anan­se ýal­ta­ly­gyň ýa­ra­maz en­dik­di­gi­ne dü­şü­nip­dir.