Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti duşenbe güni beren beýanatynda, 8-nji fewrala bellenen möhletinden öňki ählumumy saýlawlary geçirmek üçin 23-nji ýanwarda Wekiller palatasyny (parlamentiň aşaky palatasyny) ýatyrmak barada karara gelendigini mälim etdi.
Metbugat maslahatynda Sanae Takaiti parlamentiň aşaky palatasyny anna güni — şu ýylky nobatdaky parlament sessiýasynyň açylýan gününde ýatyrjakdygyny habar berdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň bellemegine görä, ses berişlik 8-nji fewralda bolar, saýlawdan öňki kampaniýa bolsa 27-nji ýanwarda başlanar.
PDF









