5-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşdy.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Ýa­po­ni­ýa­da Türk­me­nis­tan bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry Na­ru­hi­to­nyň hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri Si­ge­ru Isi­ba­nyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ibe­ren sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to hem-de Prem­ýer-mi­nistr Si­ge­ru Isi­ba berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Aki­hi­sa Na­ga­şi­ma­nyň ýur­du­my­za ama­la aşyr­ýan sa­pa­ry­nyň Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge hem-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, sa­pa­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ril­jek gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan eden­di­gi­ni bel­le­di we ýur­du­my­zyň bu baş­lan­gy­jy­ny gol­dan­dy­gy üçin ýa­pon ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da Di­ýa­ry­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, ýa­pon ta­ra­py­ny bu iri çä­rä gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Myh­man döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de öza­ra sa­par­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, Gahryman Arkadagymyzyň Ýa­po­ni­ýa ama­la aşy­ran sa­par­la­ry­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, dur­muş, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dy­lan­da, ol yzy­gi­der­li, dur­nuk­ly we uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Şun­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ýa­pon ko­mi­te­ti­ne uly orun de­giş­li­dir. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da ýur­du­myz­da bu ko­mi­te­tiň 15-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bol­mak bi­len, ma­wy ýan­gy­jyň eks­port ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, ony gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iri ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň gaz pu­da­gyn­da, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da ne­ti­je­li iş alyp bar­ýar­lar. Ýa­po­ni­ýa­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de gur­lan önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň önüm­le­ri ýur­du­my­zyň eks­por­tyn­da uly orun tut­ýar. Bu önüm­le­re içer­ki ba­zar­da, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýär. Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer, Ga­ra­bo­gaz­da­ky kar­ba­mid, Ahal we­la­ýa­tyn­da­ky te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän se­na­gat top­lum­la­ry, «Ma­rya­zot» za­wo­dy bi­le­lik­de üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Aki­hi­sa Na­ga­şi­ma ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ne­ti­je­li iş­le­mek ba­bat­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki wagt­da hem ýur­du­myz­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bi­le­lik­de iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň bu hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Türk­me­nis­tan bu ser­gä gat­naş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da ýö­ri­te gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­di­lip, hä­zir­ki wagt­da de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ýurt­la­ry­my­zyň iki­ta­rap­la­ýyn, şeý­le hem köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, «Mer­ke­zi Azi­ýa – Ýa­po­ni­ýa» dia­lo­gy­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň il­kin­ji sam­mi­ti­niň hem-de «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da, halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­mak­da hem-de me­de­ni­ýet­le­ri öza­ra baý­laş­dyr­mak­da uly or­ny eýe­le­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga ün­si çe­kip, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de ýa­pon di­li­niň öw­re­dil­ýän­di­gi­ni aýt­dy we bu ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­dir­me­giň, öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge we tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lide­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ýö­ri­te ge­ňeş­çi­si Aki­hi­sa Na­ga­şi­ma ne­ti­je­li türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.