Angliýada geçen ýylyň 1-nji oktýabry bilen 2023-nji
ýylyň 28-nji fewralyny öz içine alýan 5 aýyň dowamynda elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerden alnan möçberi öýlerde sarp edilen elektrik energiýasyna deň boldy. Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän ECIU şereketiniň taýýarlan maglumatyna görä, ýurtda gidroelektrik, ýel we Günden alnan elektrik energiýasynyň möçberi 47 terawat/sagat bolupdyr.
Bu görkeziji ýurtda gyş paslynyň dowamynda ähli öýleriň ýa-da ýylyň dowamynda 16 million öýüň sarp edýän elektrik energiýasyna barabar. Ýurtda tebigy gazdan alynýan elektrik energiýasynyň möçberi bolsa, 45 terawat/sagatdan geçipdir.
Agzalýan döwürde gidroelektrik, ýel we Günden alynýan elektrik energiýasynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4 terawat/sagat köp bolupdyr. Maglumatda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiliginiň bolmadyk ýagdaýynda ýurduň gaz importynyň 22 göterim, turbageçirijiler arkaly importyň 28 göterim artjakdygy bellenildi.
Arassa çeşmelerden alnan energiýany tebigy gaz bilen öndürmek üçin 95 terawat/sagat gaz ýa-da 110 tanker suwuklandyrylan gaza zerurlyk duýuljakdygy mälim edildi. Degişli döwürde ýurtda ýadro beketlerinden, bioýangyçdan we beýleki çeşmelerden 28 terawat/sagat elektrik energiýasy öndürilipdir.
Bilermenler ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiliginde «ýaşyl» çeşmeleriň barha artýandygyny belleýärler.
Ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçilik mukdary geçen ýyl 3,4 gigawat artypdyr.
Muhammetnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
PDF









