Geçen günlerde awstriýanyň iň uzak ýaşly raýatlarynyň biri bolan Emma Wenda Wenadaky garrylar öýünde özüniň 110 ýaş toýuny belledi. Garry zenan 1915-nji ýylda dünýä inýär. Ol özüniň uzak ömrüniň syryny “Need To Know” neşirine gürrüň berdi. Wenda uruş döwründen ozal aşpez bolup işleýär. 1940-njy ýyldan, tä 1970-nji ýyla çenli tramwaýyň konduktory bolup zähmet çekýär.

Ol 1970-nji ýylda pensiýa çykýar. Pensiýa ýaşyndan 1 ýyl ozal onuň adamsy dünýeden ötýär. Ol 6 çagany dünýä inderýär. Garry enäniň ýaşy birçene barandygyna garamazdan, häzirki wagtda hem ruhy belent, saglygy kadaly. Ol gündelik täzelikler bilen gyzyklanýar, audiokitaplary diňleýär, aýratyn hem adamlar bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýär. Onuň ýakynlary garry enäniň durmuşa bolan höwesiniň, söýgüsiniň bilesigeliji häsiýetiniň bolmagy sebäplidigini uly buýsanç bilen belleýärler. Garry zenanyň žurnalistlere gürrüň bermegine görä, ol özüniň uzak ýaşamagynyň syryny ýaş wagtynda kynçylykly durmuşda ýaşandygyny, şeýle hem mydama ýeter ýetmezçilikde geçen durmuş ýoluny, uruş döwründe dok garnyna iýmezlik bilen saglygyny taplandygyny aýdýar. 110 ýaşy arka atan garry enemiziň doglan gününi gutlamaga diňe onuň ýakynlary däl, eýsem Wenanyň häkimi Mihael Lýudwig hem geldi.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň we Hojambaz etrap häkimliginiň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.