Soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda stol tennisi ýörgünli sport oýunlarynyň birine öwrüldi. Orta mekdeplerde, dil merkezlerinde we sport zallarynda stol tennisi bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar bar. Gyzykly hem-de çekeleşikli geçýän stol tennisini oýnamak üçin merkezinden tor çekilen stol, kiçijik topjagaz we raketka gerek. Oýnuň düzgünine görä, haýsy tarap topy ýere gaçyrsa ýa-da topy tordan geçirip bilmese, şol hem ýeňilýär. Stol tennisi ikileýin (her tarapda bir oýunçy), jübütleýin we garyşyk toparlaryň arasynda geçirilýär. Köp ýurtda «ping-pong» ady bilen tanalýan stol tennisi Olimpiýa sportunyň bir görnüşidir.
Stol tennisi ýapyk ýerde oýnalýan sport görnüşi bolup, ilkibaşda Angliýada ýüze çykýar. Häzirki wagtda Hytaýyň milli sport görnüşi hasaplanýan stol tennisi bilen meşgullanýanlar sanardan köp. 1901-nji ýylda «ping-pong» ady bilen stol tennisiniň enjamlary satylyp başlanýar. Şol döwürler golf topy stoluň üstünde kitap ýa-da gaty kagyzlar bilen urlup oýnalypdyr. Soňlugy bilen stoluň üstünden tor çekilip, ýörite topjagaz we raketka oýlanyp tapylýar. 1902-nji ýylda Angliýanyň milli çempionaty geçirilmezden ozal, köp sanly stol tennisi ýaryşlary guralýar. 1926-njy
ýylda stol tennisi boýunça ilkinji Dünýä çempionaty geçirilýär we şol ýyl Halkara stol tennisi federasiýasy (ITTF) döredilýär. 1996-njy ýylda zenanlaryň arasynda ilkinji gezek stol tennisi boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär. Oýny köpçülige tanyşdyrmak hem-de meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen, 2015-nji ýylda Bütindünýä stol tennisi güni yglan edilýär. Ýörite stoluň üstünde oýnalýan raketka oýny ünsüňi bir ýere jemlemäge, şähdiňi açmaga, ýadawlygy aýyrmaga we işjeň ýagdaýda bolmaga ýardam edýär. Hünärmenler stol tennisi bilen meşgullanýan çagalaryň beden gurluşynyň sagdyn ösýändigini, çalt pikirlenip, netije çykarýandygyny we sapaklary netijeli özleşdirýändigini belleýärler.
PDF








