Ýur­du­myzda hä­zir­ki wagt­da uzak gel­jek üçin saz­la­şyk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek arkaly, dün­ýä­niň halk ho­ja­ly­gy­nyň ösü­şi bi­len aýak­daş ädim ät­mek üçin döw­re­bap çä­re­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­te be­ril­ýän aý­ra­tyn äh­mi­ýet bi­ziň ýur­du­myz­da hem de­giş­li de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da kuw­wat­ly­ly­gy
10 me­ga­wat bo­lan kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gu­rul­ma­gy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça edil­ýän ta­gal­la­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet daş­ky gur­şa­wa zy­ýa­ny azald­ýan, te­bi­gy baý­lyk­la­ry tyg­şyt­ly ulan­ýan we dur­nuk­ly ösü­şi mak­sat edin­ýän yk­dy­sa­dy ul­gam­dyr. Ol di­ňe yk­dy­sa­dy ösü­şi däl, eý­sem, eko­lo­gi­ýa we dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny hem göz öňün­de tut­ýar. Bu ugur yk­dy­sa­dy­ýe­tiň uzak möh­let­li dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün edip, tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry­ we in­no­wa­si­ýa­la­ry özü­ne çek­ýär.
Bu ugur­da ener­gi­ýa­ se­riş­de­le­rini we çig maly ne­ti­je­li ulan­mak, zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ry azalt­mak, gaý­ta­dan iş­le­me­gi ös­dür­mek, ekologiýa taýdan arassa önüm­çi­lik usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, top­ra­gyň hi­li­ni go­ra­mak, bio­de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak, şeý­le hem dur­nuk­ly pu­dak­lar­da tä­ze hü­när­le­ri, iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek mö­hüm ugur­lar ha­sap­lan­ýar. 2030-njy ýy­la çen­li Dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li 17 mak­sa­dy­ny ga­zan­makda borç­la­ry öz üs­tü­ne al­ýan Türk­me­nis­tan­da 2016-njy ýyl­dan baş­lap Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň we­zi­pe­le­ri­ni we gör­ke­zi­ji­le­ri­ni mil­li­leş­dir­mek, äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak, ola­ry ýur­duň döw­let sy­ýa­sa­ty­na goş­mak iş­le­ri baş­lan­dy. Şeý­le­lik­de, ýur­duň 2030-njy ýy­la çen­li yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa taý­dan ösü­şi­niň wa­jyp ugur­la­ry kes­git­le­n­di.

Ba­ba­gel­di SEÝ­DI­MOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.