ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýden ýatlamalaryny çap etmek hukugyny «Hachette Book Group” neşirýatyna 10 million dollara satdy. Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berdi.
Maglumatlara görä, Baýdeniň şertnama baglaşmak islegleri “Creative Artists Agency” agentligi tarapyndan wekilçilik edildi. Kitabyň ýazylyp, neşir ediljek wagty heniz mälim edilmeýär.
Amerikanyň 44-nji lideri Barak Obama we onuň aýaly Mişel ýatlamalaryny 60 million dollara çap etmek hukugyna eýe bolup, “Penguin Random House” neşirýaty bilen şertnama baglaşypdy.
Baýdeniň mundan ozal, 2017-nji ýylda “Wada ber, kaka!” atly ýatlamalar kitaby çykypdy. Ozalky syýasatçy bu kitabyny 2015-nji ýylda rak keseli zerarly aradan çykan ogly Bo Baýdene bagyşlaýar.