Ýewropa Bileleşiginde ýolbaşçy wezipelerindäki zenanlaryň paýy soňky on ýylda yzygiderli artyp, 2024-nji ýylda 35,2%-e ýetdi. Esasanam ýaş nesliň arasynda dolandyryjy zenanlaryň sanynyň artmagy we ylym-inženerçilik pudagyndaky ösüşler bu üýtgeşmäniň esasy hereketlendirijisi boldy.
Ýewrostatyň täze maglumatlaryna görä, 2014-nji ýylda 31,8% bolan zenan ýolbaşçy görkezijisi şu ýyl has hem ýokarlandy. Iň gyzykly tarapy bolsa, dolandyryjylyk ukyby ýaşlarda has aýdyň ýüze çykýar: 15-39 ýaş aralygyndaky ýolbaşçylaryň, takmynan, 40%-i zenanlardyr. Ýaş ulaldygyça bu görkeziji az-kem peselýär: 40-64 ýaşlylaryň arasynda 34,4%, 65 ýaşdan ýokarylarda bolsa 26,5% derejesinde saklanýar.
Bileleşigiň çäginde ösüş deň däl. Zenanlaryň iň işjeň ýolbaşçylyk edýän ýurtlary şulardyr: Şwesiýa: 44,4%, Latwiýa: 43,4%, Polşa: 41,8%.
Iň pes görkezijiler bolsa Kiprde (25,3%) we Horwatiýada (27,6%) hasaba alyndy. Şeýle-de bolsa, Lýuksemburg (+13,7%) we Malta ýaly ýurtlar soňky on ýylda iň uly ösüşi görkezdiler. Emma Sloweniýa, Latwiýa we Litwa ýaly sanlyja ýurtda tersine, az-kem peselme hasaba alyndy.
Bu ösüşiň aňyrsynda diňe bir jemgyýetçilik üýtgeşmeleri däl, eýsem anyk kararlar hem bar. Birinjiden, zenanlar öňler “erkek hünäri” hasaplanýan ylym we inženerçilik pudaklaryna sary uly ädim ätdiler (2008-nji ýyldaky 3,4 milliondan 2024-nji ýylda 7,9 milliona çenli).
Ikinjiden, ÝB-niň “Gender deňagramlylygy baradaky direktiwasy” uly rol oýnaýar. Bu resminama kompaniýalaryň direktorlar geňeşinde zenanlaryň paýynyň, azyndan, 33-40% bolmagyny talap edýär.
Pozitiw ösüşe garamazdan, umumy zähmet bazarynda tapawut saklanyp galýar. Erkekleriň 80,8%-i doly iş gününde işleýän bolsa, zenanlarda bu görkeziji 70,8%-dir. Şeýle-de, doly däl iş gününde işleýänleriň agramly bölegi (27,8%) ýene-de zenanlardyr. Emma umumy tendensiýa oňyn: soňky on ýylda ÝB-niň 22 ýurdunda iş üpjünçiligindäki gender tapawudy 1,1% azaldy.