ÝB we Meksika täze söwda ylalaşygyna gol çekdiler

3

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koştanyň Meksika amala aşyran resmi saparynyň çäginde bu ýurduň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum bilen duşuşyp, täzelenen söwda ylalaşygyna gol çekdiler. Mehiko şäherinde geçirilen ÝB – Meksika sammitinde gazanylan bu ylalaşyk häzirki wagtda dünýä bazaryndaky üýtgeşmeleriň şertlerinde taraplaryň özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da diwerifikasiýalaşdyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bolan meýillerini şöhlelendirýär. Täze resminama mundan 20 ýyl ozal baglaşylan asyl şertnamany döwrebaplaşdyrmak bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Latyn Amerikasy sebitindäki täsirini has-da güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Taraplaryň strategik hyzmatdaşlygyny täze önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen baýlaşdyrýan bu ylalaşyk özara bazarlary has-da açyk görnüşe getirer. Ýewropa Bileleşigi resminama laýyklykda, Meksikanyň oba hojalyk, derman senagaty we maşyngurluşyk bazarlaryna aňsatlaşdyrylan elýeterlilik gazanýar. Meksika bolsa öz gezeginde azyk senagaty önümlerini, şol sanda kofe, şokolad we miwe önümlerini Ýewropa bazaryna eksport etmegiň gerimini giňelder. Şunuň bilen birlikde, ylalaşyk taraplaryň döwlet satyn alyşlary bazaryny özara bähbitli şertlerde açmagyny kepillendirýär hem-de harytlaryň gelip çykyşy baradaky geografik görkezijileriň goralmagyny üpjün edýär.
Ýewropa Bileleşigi üçin Meksika sebitdäki ikinji uly söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Geçen 2025-nji ýylda taraplaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 86,8 milliard ýewro, hyzmatlar ulgamyndaky söwda bolsa 29,7 milliard ýewro barabar boldy. Bu görkezijiler Meksikanyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolan ABŞ bilen amala aşyrýan söwda mukdaryndan pes bolsa-da, halkara söwda syýasatyndaky häzirki üýtgeşmeleriň we dünýä bazaryndaky bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde taraplar üçin strategik ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Meksikada Ýewropanyň 11 müňden gowrak kompaniýasy işleýär we 43 müňden gowrak kärhana bu ýurt bilen eksport amallaryny amala aşyrýar.
Bu strategik ädim Ýewropa Bileleşiginiň Latyn Amerikasy we Karib deňziniň sebiti ýurtlary bilen söwda ulgamyny diwerifikasiýalaşdyrmak baradaky giň gerimli meýilnamasynyň möhüm bölegidir. ÝB mundan sähel salym ozal MERKOSUR (Argentina, Braziliýa, Paragwaý we Urugwaý) ykdysady bileleşigi bilen hem wagtlaýyn ylalaşygy güýje girizipdi. Emma şol şertnamadan tapawutlylykda, Meksika bilen gazanylan täze ylalaşykda oba hojalyk harytlarynyň importyna kesgitli kwotalar goýuldy. Bu bolsa Ýewropanyň içerki bazarynda we fermerleriniň arasynda ýüze çykyp biljek nägilelikleriň we bäsdeşlik bökdençlikleriniň öňüni almaga şert döreder.