Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­da ýel be­ket­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak­da tä­ze re­kord go­ýul­dy. Ýur­duň mil­li ener­gi­ýa ul­ga­my ope­ra­to­ry (NE­SO) Bri­ta­ni­ýa­nyň aras­sa we daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de tä­ze sep­gi­de ýe­ten­di­gi­ni ha­bar ber­di. 11-nji no­ýabr gü­ni ýel be­ket­le­ri 22,711 MW, ýag­ny 22 million ho­ja­ly­ga ýet­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ýurt­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 43,6 gö­te­ri­mi­ne ga­bat gel­ýär. Ang­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gy hem-de Şot­lan­di­ýa ýel­den ener­gi­ýa al­mak üçin amat­ly te­bi­gy şert­le­ri hö­dür­le­ýär. NE­SO-nyň mag­lu­mat ber­me­gi­ne gö­rä, ýurt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 12,5 gö­te­ri­mi gaz­dan, 12,1 gö­te­ri­mi ýel be­ket­le­ri ar­ka­ly dol­du­ry­lan ba­ta­re­ýa­lar­dan, 11,3 gö­te­ri­mi elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri ar­ka­ly beý­le­ki ýurt­lar­dan, 8 gö­te­ri­mi ýad­ro be­ket­le­rin­den, 8 gö­te­ri­mi bio­mas­sa­dan we 1,4 gö­te­ri­mi gid­roe­lekt­rik be­ket­ler­den al­nyp­dyr.

Sel­bi An­na­my­ra­do­wa,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.