Ýel tur­bi­na­sy­nyň ga­nat­la­ry gaý­ta­dan ula­nyl­ýar

41

Adam­zat ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri dür­li mak­sat­lar bi­len ýe­liň güý­jün­den peý­da­lan­ýar. Öň­ki dö­wür­ler­de un üwe­mek üçin ýel de­gir­men­le­ri gur­lup­dyr. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek üçin niýetlenen il­kin­ji be­ket 1883-nji ýyl­da We­na­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra ser­gi­de gör­ke­zi­lýär. 2000-nji ýyl­lar­dan soň­ra bu mak­sat bi­len has köp ýel be­ke­di gur­lup baş­lan­dy. Äpet per­le­ri bo­lan ýel be­ket­le­ri or­ta­ça, 25-30 ýyl ula­nyl­ýar. Soň­ra bol­sa, ola­ryň önüm­çi­li­gi pe­se ga­çan­soň tä­ze­len­ýär. In­di bol­sa in­že­ner­ler soň­ky ýyl­lar­da has köp gu­rul­ýan ýel be­ket­le­ri­niň ula­nyş­dan ga­lanla­ry­ny gaý­ta­dan ula­nyp baş­la­dy­lar. Mu­nuň üçin dö­re­di­len «Re-Wind Net­work» at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýel be­ke­di­niň per­le­ri köp­ri we beý­le­ki gur­lu­şyk des­ga­la­ryn­da peý­da­la­nyl­ýar. Bu köp­rü­ler 30 ton­na çen­li agyr ýük­le­riň geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Tas­la­ma­ny Ir­lan­di­ýa­nyň, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň we ABŞ-nyň bäş sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bi, şeý­le hem yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty taý­ýar­la­dy. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de äpet per­ler­den aw­to­bus du­ral­ga­sy, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa diň­le­ri, köp­rü­ler, aw­to­ýol­la­ryň gal­ma­ga­ly­ny azald­ýan ha­ýat­lar we py­ýa­da ge­çel­ge­le­ri ýa­ly çöz­güt­le­riň eý­ýäm bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ri­ldi.
Bi­ler­men­ler gel­jek 20 ýy­lyň do­wa­myn­da 8,6 mil­li­on ton­na ýel be­ke­di­niň ula­nyş­dan gal­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Em­ma aý­na sü­ýüm­li po­li­mer­den ön­dü­ril­ýän bu äpet ga­nat­lar ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk ma­te­ria­ly hök­mün­de hyz­mat edip bi­ler.
In­že­ner­ler bu per­le­riň gaý­ta­dan ula­nyl­ma­gy­nyň daş­ky gur­şaw üçin hem peý­da­ly bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.

Gü­len­dam ESE­NO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.