Geljek ýyl Kanada, Meksika we ABŞ-da geçiriljek Dünýä Kubogyna gatnaşjak ýene bir ýygyndy belli boldy. Umumylykda ýer eýeleri bilen bir hatarda gatnaşjak 48 ýygyndynyň 18-si anyk bolup, öňümizdäki 3-4 günüň dowamynda olaryň sany hasam köpeler.

Marokkodyr Tunisiň hem-de Müsüriň ýygyndylaryndan soň, Alžiriň ýygyndysy hem Dünýä Kubogyna ýollanma almagy başardy. “G” toparçada çykyş edýän Alžiriň ýygyndysy myhmançylykda Somaliniň ýygyndysyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy. Gollary Amura (7, 57) bilen Mahrez (19) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, toparçadaky oýunlaryň tamamlanmagyna 1 duşuşyk galanda, Alžiriň ýygyndysy 2-nji ýerdäki Ugandadan 4 utuk öňe saýlandy we 12 ýyllyk arakesmeden soň 5-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Olar mundan öň 1982-nji we 1986-njy ýyllarda, şol sanda 2010-njy we 2014-nji ýyllarda Dünýä Kubogynda çykyş edipdiler.