Immobileden soň ýene bir weteran futbolçy Türkiýeden Italiýa transfer boldy. Bosniýa we Gersegowinanyň ýyldyz hüjümçisi Edin Jeko “Fenerbahçe” toparyndaky 2 ýyllyk başdan geçirmesini tamamlap, “Serie A”-nyň “Fiorentina” kluby bilen 1+1 ýyllyk şertnama gol çekişdi. 39 ýaşyndaky Jeko Fenerbahçede 99 oýunda 46 gol geçirdi. “Serie A”-da “Roma” bilen “Interiň” düzümine-de çykyş eden Jeko rimlilerde 6 (260 oýunda 119 gol), milanlylarda 2 (101 oýunda 31 gol) möwsüm oýnady. Ondan öň “Mançester Sitide” 4,5 möwsüm (189 oýunda 72 gol), “Wolfsburgda” 3,5 möwsüm (142 oýunda 85 gol) çykyş etdi. Ýurdunyň “Železniçar” klubunda futbola başlan Jeko Çehiýanyň “Teplise”, “Usti nad Labem” toparlarynyň hem köýnekçelerini geýdi. Onuň klublarda 900-a golaý oýunda 380-den köp goly bar. Jeko Bosniýanyň milli ýygyndysynda-da 141 duşuşykda 68 gezek tapawutlanmagy başardy.