Germaniýanyň Ştutgart şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen “Porsche Tennis Grand Prix” ýaryşynda sanawyň 1-nji belgilisi, belarusly Aryna Sabalenka ýene-de çempion bolmak başartmady. Finalda latwiýaly Ýelena Ostapenkodan 6:4, 6:1 hasaplar bilen asgyn gelen Sabalenka 4-nji gezek 2-nji orny eýeledi. Ol 2021-nji ýylda finalda Eşli Bartiden, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda-da Iga Şwentek utulypdy. Çempion Ostapenka karýerasyndaky 9-njy WTA çempionlygyny gazandy. 46-njy gezek guralan bu ýaryşda çempiona “Porsche” ulagy baýrak hökmünde berilýär.

Fransiýanyň Ruan şäherinde 4-nji gezek geçirilen zenanlaryň arasyndaky “Open de Rouen WTA 250” ýaryşynda ukrainaly Elina Switolina ýeňiji boldy. 30 ýaşyndaky tennisçi finalda serbiýaly Olga Danilowiçi 6:4, 7:6 hasaplar bilen ýeňip, karýerasyndaky 18-nji kubogyny ýokary göterdi.

Germaniýanyň Münhen şäherinde erkekleriň arasynda geçirilen Bawariýa halkara tennis ýaryşynda Aleksander Swerew çempion boldy. Germaniýaly tennisçi finalda amerikaly Ben Şeltony 6:2, 6:4 hasaplar bilen ýeňip, bu ýaryşda 2017-nji we 2018-nji ýyllardan soň 3-nji gezek kubogy eýeledi. Bu onuň ATP ýaryşlaryndaky 24-nji çempionlygydyr.

Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky “Barselona Açyk ATP 500” ýaryşynda daniýaly Holger Rune çempionlyk gazandy. Ol finalda 2022-nji we 2023-nji ýyllaryň çempiony, ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6, 6:2 hasaplar esasynda ýeňip, karýerasy boýunça 5-nji ATP Kubogyny asmana göterdi.