2022-nji ýylyň 2-nji martynda Zwiki geçiş desgasynyň astronomlary giň meýdan gözleg kamerasy arkaly täze kometany tapypdylar. Bu asman jisiminiň Günüň daşyndan her 50 müň ýylda bir gezek tamamlaýandygy çak edilýär. Şeýle maglumatdan ugur alnanda, kometanyň soňky gezek ýokarky paleolit döwründe, adamlaryň Aziýa we Ýewropa ýaýrap başlan döwürlerinde görlendigini aňladýar.
“C/2022 E3” atly kometany häzirki wagtda teleskopsyz görüp bolmaýar. Şeýle-de bolsa, çaklamalara görä, ýanwar aýynyň ahyrynda we fewral aýynyň başynda ony adaty göz bilen görmek mümkin bolar.
Kometanyň Ýeriň 44 million kilometr uzaklygyndan howpsuz geçip gider.
Maksat TAGANOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
PDF









