Hytaý çuň guýulary gazmaga niýetlenen tehnologiýalary döretmek boýunça milli maksatnamasyny ýola goýdy. Bu taslamanyň maksady 15 müň metr çuňluga aralaşmaga ukyply ilkinji has çuň burawlaýyş desgasyny döretmekdir. Häzirki wagtda Hytaýyň iň çuň guýusy 11 müň metre ýetýär diýip, “South China Morning Post” neşiri habar berýär.