Ýewropanyň Merkezi Banky ýewronyň täze kagyz pullarynyň dizaýnynyň görnüşlerini öwrenýär. Bu baradaky gutarnykly karar 2026-njy ýylda kabul ediler. Iň oňat taslama ugrundaky bäsleşik şu ýylyň içinde geçiriler. Täze ýewrolaryň dizaýny tassyklanylandan birnäçe ýyl soň dolanyşyga girer.