Ýewropada dowam edýän aşa yssy howa sebäpli syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Eýfel diňi iki günlügine ýapyldy. Bilermenler syýahatçylara we şäheriň ýaşaýjylaryna Gün şöhlesinden goranmagy we köp suw içmegi maslahat berýärler. Fransiýanyň köp ýerinde bolmalysyndan yssy howa höküm sürýär. Hepdäniň birinji güni ýurduň birnäçe şäherinde termomtrler 38 derejäni görkezdi. Eýfel diňiniň bolsa hepdäniň ikinji we üçünji günleri ýapykdygy habar berildi.
Ortaýer deňzinde bolsa suwuň temperaturasy ýylyň şu möwsüminde bolmalysyndan ortaça 9 dereje ýokary. Deňiz suwunyň Fransiýanyň günorta kenarlarynda has köp gyzandygy bellenilýär. Bu ýagdaý yssy howa akymynyň täsirindäki ýerlerde demirgazyga gidildigisaýyn çyglylygyň artmagyna we gijesine hem yssy howanyň bolmagyna sebäp bolýar. Afrikadan demirgazyga akýan yssy howa hem bu yssy howa akymyna goşant goşýar.
Ýewropanyň beýleki ýerlerinde hem yssy howa rekordlary goýuldy. Köp şäherde we ýurtda iýun aýyndaky rekord derejede yssy howa hasaba alyndy.