Şweýsariýaly “Morand” atly şereketi elektrik ulagyna gysga wagtda zarýad berýän tehnologiýany işläp taýýarlady. Bu tehnologiýanyň elektroulag batareýasyna bary-ýogy 72 sekuntda 80% zarýad berer. Ýagny bu adaty litiý-ion batareýalaryndan birnäçe esse çalt, hatda adaty ulagy ýangyç bilen doldurmakdan hem çaltdyr. Amerikan Nebit Institutynyň (API) habaryna görä, adatça ulaga ýangyç doldurmak üçin ortaça, iki minut gerek. Täze tehnologiýa ulgamy şol wagtyň ýarysyna barabar. Çalt zarýad bermek elektroulaglaryň has köp ýaýramagyna mümkinçilik berip biler.

Kompaniýa bu tehnologiýanyň aşa pes we ýokary temperaturalarda hem işleýändigini belleýär. Bu bolsa, islendik howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berer. Bu tehnologiýanyň uly şäherara ulaglar däl-de, kiçi göwrümli şäher ulaglary üçin netijeli boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem bu tehnologiýa, dronlar we elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped we beýleki iki tigirli ulaglar üçin hem ulanylyp bilner.

Döwlet Orazmämmedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.