Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Baidu” sürüjisiz taksi hyzmaty bolan “Apollo Go”-ny ilkinji gezek Ýewropada synagdan geçirer. “Baidu” Şweýsariýanyň jemgyýetçilik ulag edarasy bolan “PostAuto” bilen gepleşik geçirýär. Hytaý brendi Şweýsariýada ýerli firma döredip, ýylyň ahyryna çenli sürüjisiz ulag tehnologiýasyny synagdan geçirip başlar. Mundan ozal kompaniýa Ýakyn Gündogar, Ýaponiýa we Singapur ýaly ýurtlarda sürüjisiz ulaglaryny synagdan geçiripdi. Sürüjisiz ulag tehnologiýasyny, esasan, amerikan we hytaý firmalary işläp taýýarlaýar.
Tirkiş Şükürow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň müdiri, mugallym.