Halkara Pul Gaznasynyň (IMF) täze çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropanyň ykdysady kartasynda esasy orunlary Irlandiýa we Lýuksemburg eýelär. Adam başyna düşýän jemi içerki önümiň (JIÖ) satyn alyjylyk ukyby boýunça Irlandiýanyň Lýuksemburgy yzda galdyryp, sanawyň birinji basgançagyna çykmagyna garaşylýar. Şunlukda, Norwegiýa, Şweýsariýa we Daniýa ýaly ýurtlar hem Ýewropanyň iň baý bäşligini jemlär. Emma bilermenler Irlandiýanyň bu görkezijisiniň köpmilletli halkara kompaniýalarynyň hasabyna emeli ýokarlanandygyny, şonuň üçin milli girdejiniň hakyky ýagdaýy başgaça bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Ýewropanyň iň iri bäş ykdysadyýetiniň arasynda Germaniýa (12-nji orun) öňdeligi saklaýan bolsa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Italiýa we Ispaniýa ondan pesräk görkezijilere eýe bolarlar. Sanawyň iň aşaky orunlaryny bolsa Ýewropa Bileleşigine agzalyga dalaş edýän Ukraina, Kosowo we Moldowa ýaly ýurtlar paýlaşarlar. Türkiýäniň bolsa 2030-njy ýyla çenli käbir agza ýurtlary, şol sanda Bolgariýany we Gresiýany yzda galdyryp, 29-njy orna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Gresiýanyň reýtingde iň köp peseljek, Kipriň bolsa iň uly ösüş görkezjek ýurt bolmagy çaklanylýar.
Umuman alanyňda, 2030-njy ýylda hem Ýewropanyň demirgazyk we günbatar bölekleri ykdysady taýdan iň gurply sebitler bolup galarlar. Lýuksemburgda adam başyna düşýän girdejiniň 152 müň ýewrodan geçmegi, Ukrainada bolsa bary-ýogy 7 müň ýewro töweregi bolmagy, Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky baýlyk tapawudynyň örän çuňdugyny görkezýär. Şeýlelikde, ýurtlaryň girdejileri artýan hem bolsa, umumy reýtingdäki orunlaryň we satyn alyjylyk ukybynyň derejesiniň düýpli üýtgemezligine garaşylýar.
PDF









